Ýaş şahyr 97
24.04.2023 09:18
Ýa, Ýaradan dilegim. kändir,
Tañrym, söwer ýar küýseýän.
Ýarsyz ýigdiň, haly tendir.
Taňrym, söwer ýar küýseýän.

Asly bolsun ilki bilen,
Goş goşmaýyn tilki bilen,
Öýüm dolsun gülki bilen,
Taňrym, söwer ýar küýseýän.

Kirpigi ok, galam gaşly,
Alma. ýaňak, sadap dişli,
Uzyn boýly, juwan ýaşly,
Tañrym, söwer ýar küýseýän.

Ökde bolsun nahar şora,
Jigim bilen bolsun jora,
Öz guluň halyny sora,
Taňrym söwer ýar küýseýän.

Inçe bilin, guçar bolsam,
Ganat baglap, uçar bolsam,
Yşk derdine duçar bolsam,
Tañrym söwer ýar küýseýän.

Sabyr käsäm dolup gitdi,
Pederim elliden. ötdi,
Ýaşym ýigrim alta ýetdi.
Tañrym söwer ýar küýseýän.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
26
88
Ýaş şahyr 97
25 Aprel 2023
SAG BOLUŇ HEMMÄŇIZE
Myhman
24 Aprel 2023
nesip bolsa "yaram" bolar,baram bolar...
yakup allabayew
24 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍
Dovlet Ashyrov
24 Aprel 2023
👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.