Emeli aň
Hâzirki wagtda elimizde bar bolan tehnalogiýalara buýruk bermesek hiç zat edip bilmeýärler. Her ugurda, her bölümde adam eliniň degmesi, oňa etmeli işini görkezmesi zerur zat bolup durýar. Pikiriňizçe bu näçe wagt şu durşuna dowam eder? Emeli aň näme? Bu soraga herkimde dürli jogaplar bolsa-da, “Emeli intellekt, haýwanlaryň, şol sanda adamlaryň görkezýän tebigy akyllaryndan tapawutlylykda, maşynlar tarapyndan görkezilýän akyl görnüşidir” sözlemi Wikipedianyň bize berýän jogabydyr. Halk arasynda bolsa bu adam akylynyň birleşdirip bilmedigi meseleleri “Öwrenmek” we “Çözüm tapmak” ýaly ýerlerde ulanylýar. Emeli aň bir zadyň başlangyç düşünjesine eýe bolan, öz-özinden öwrenýän, täze maglumatlary ýatda saklap, öňki tejribelerini kemçiliksiz ulanyp bilýän tehnalogiýadyr. >. Bu küşt taryhynyň iň güýçli atlaryndan biri bolan Peter Nielseniň “Emeli aň” tarapyndan derbi dagyn edilip utulanyndan soňraky aýdan sözleri. Soňky wagtlarda örän meşhurlyga eýe bolsada bu pikiriň atasy diýlip > soragyny orta atan Alan Mathinson Turingdir. Soňky ýyllarda ýokary meşhurlyga eýe bolan bu bilim bölimi, aslynda pikir edişimizden biraz önräk üstinde işlenilýärdi. Häzirki wagtda bolsa biz Emeli intellektiň emedekleýşine seretýäris. Size birnäçe emeli aň görnişlerini aýdyp geçeýin. İlki bilen Google DeepMind barada agzalyň. Onuň öz-özünden öwrenýän emeli intellektine A nokadyndan B nokadyna barmagy tabşyrýarlar. Geçmeli ýoluny bolsa dürli päsgelçiliklerden doldurýarlar. DeepMind ilki bada başarmasada ýaňy ýöreýän çaga mysaly, ýykylyp-galyp ýuwaş-ýuwaş öňindäki päsgelleri kemçiliksiz geçmegä başlaýar. Öňindäki çykan täze päsgeli tä geçýänçä soňsuz synanyşýar. Geçmegiň bir ýoluny tapanyndan soňra bolsa, inniki gaýtalanyp geljek birmeňzeş päsgellerde çözüwini kemsiz ýerine ýetirýär. DeepMind diňe bu bilen çäklenýän tehnalogiýa däl. Onuň Stockfish ýaly ýyllap küştde üstünligi elinde saklan Emeli aňy bary ýogy 4 sagatda, ýapon küşti bolan Şoginiň ussatlaryny 2 sagatda ýeňýär. İnternetde online oýnalýan oýunlarynda hem dünýäniň öňdebaryjy Gamerlerini ýeňmegi başarýar. İnni Nvidianyň emeli aňyna geçeliň. Olaryň tehnalogiýasy oýunlar üstünde dälde, köçede has kömek etýâr. Awtopilot tehnalogiýasy. Bilýänsiňiz Tesla bu ugurda iň tanymaly. Emma Tesla näçe önde bolsa hem, köçe ýol hereketleri girizmezden olaryň tehnalogiýasy işläp bilmeýär. Nvidianyň geçiren barlaglary netijesinde, öňinde barýan bir sürüjiden öwrenip, köçede minimal ýalňyşma bilen ulagy dolandyrmagy başardy. Köçe ýol hereketlerini girizmän, öziniň öwrenmesi esasynda bu netijäni görkezmesi bolsa örän täsin. DeepPatient. Köpiňiziň wow diýjek tehnologiyasy. Bir hassahana gelen nâsaglaryň analizlerini alyp emeli aňa ýüklediler. 700 müňden gowrak analizi kabul edeninden soňra, näsaglaryň arasyndaky barlagylary tapmaga başlan emeli aň herkimi haýrana goýdurjak netijeler görkezipdi. Olaryň nâçe wagtda gelip gitýändiklerini, nämelerden arz etýändigini öwrenip, hiç bir medisina pikirine eýe bolmazdan olaryň kesellerini dürslik bilen bilmegi başardy. Elbetde rak, inçekesel, ýürek agyrysy ýaly belli bir simptomlary görkezýän keselleri tapmak o diýen kyn dâl. Haýran galdyrýan ýeri, haýsy adamlaryň Şizofreni ýaly ruhy kesele duçar bolup biljekdigini hem tapypdy. Adamlar emeli intellektiň belli bir ýerine çenli etjek zadyny synlap, düşünip bilýä. Belli bir ýeri hem sistemanyň beýnimizdäki nerwiler ýaly bulaşyp başlaýan ýerine çenli. Gysgaça aýtmak gerek bolsa Emeli aň, öwrenýän, öwrenenini ulanýan, dünýäniň hemme ýerinde bir bada bolup bilýän, ýalňyşmaýan tehnalogiýadyr.