Dovlet Ashyrov
23.04.2023 01:58

Gülki Show🎉🤹🏻

Bir ak sakally molla ýaşuly poýuzda 3 sany ýaş oglan bilen ýoldaş bolýar. Ýaş oglanlar kart oýnamana başlaýa, ýaşuly bolsa ýerine geçip ýatyr diýýä😴 Giçlik turup görse oglanlar häzirem kartda gidişip otyrlar diýýä. Onsoň ýaşuly bulara:
🧓🏻 - Ýigitler mena ýatjak. Siz daňa çenli ýatmajak bolsaňyz, meni daňdan sagat 6-yň ýarynda oýaryň ertir namaza turmaly gaýrat ediň
🧒🏻 - Bolýa ýaşuly arkaýyn ýatyber sen, özümiz turuzaýarys
Bu oglanlar agşamsy bilen kart oýnap oturan bir bezzatlyk edesi gelýä diýýä welin biri aýtýa:
🧒🏻 - Dawaý kim indi utulsa ýaşulyň sakalyny syrmaly edýäs
🧒🏼 - Bolýa
🧒🏽 - Bolýa
Içlerinden biri utulupdyr we ýaşulyň sakalyny tep tekiz, edil sakal bolmadyk ýaly edip syrypdyr. Namaz wagtam golaýlapdyr ýaşulyny turuzypdyrlar. Ýaşuly turup tähret almana hajathana girýärem welin aýnadan özüni görüp geň galyp seredip dur diýýä. Görse sakal ýok tep tekiz diýýä. Durup, durup, pikirlenip näme bolanyna düşünmän duran ýaşuly:
- Bu haramzadalar meň ýerime başga birini turuzypdyrlar öýtýän

😁😁😁😁😁😁

Ýaşulyň biri magazyna barypdyr Çilim almana. Satyjy ýaşajyk gyz diýýä.
Ýaşuly pulyny uzadyp:
🧓🏻 - Köşek şuňa çilim beräý
👧🏻 - Emsem bolýamy (M7 çilim) başga çilim ýok
🧓🏻 - Düşünmedim?
👧🏻 - Emsem bolýamy diýýän
🧓🏻 - Wah ony etseňa wapşe çilimem gerek däl

😁😁😁😁😁😁

Iki sany alkaş içip-içip oturan ýerlerinden gaýdypdyrlar. Biri zordan jaýa ýaplanyp ýöräp gelýä, beýlekisi ýöremäne ýagdaýy ýok, süýrenip gelýä diýýä. Jaýa ýaplanyp ýöräp barýan beýlekä aýdýa:
- Haý dos näme beýle ýerde süýrenip ýörsiňdaý. Meni masgara edýäňow sen
Beýleki ýerde süýrenip gelýäniň ýagdaýy ýok diýýä turmana:
- Aý jaý gutarsyn senem göreris

😁😁😁😁😁😁

"IMO" Bu manysyzlaryň manyly gürleýän ýeri
*********
"Telegram" Bu VPN goýulýan ýöne özüne VPN bilen girilýän ýer.
*********
"ICQ" Bu hakykatdanam mugt VPN goýulýan ýer ýöne kontaktyňda kanala salmana adamyň bar bolsa
81
538
Myhman
25 Aprel 2023
"imo" işsizleriň medeniýet oýi
işan
23 Aprel 2023
Hemmesine 👍👍👍👍
ay_kiz_
23 Aprel 2023
2-nji degişmäni halamadym😕
Dovlet Ashyrov
23 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, Onda bolýa😊
Güljagaz♡♡♡
23 Aprel 2023
Dovlet Ashyrov,ukym tutanok....
Dovlet Ashyrov
23 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, meňki tersine gündiz ýatýan😁 Sizem ýataňyzoga😊
Güljagaz♡♡♡
23 Aprel 2023
Dovlet Ashyrov, ýatañzokmy siz....
Dovlet Ashyrov
23 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, 👍😊
Güljagaz♡♡♡
23 Aprel 2023
Dovlet Ashyrov, sag bol......
Dovlet Ashyrov
23 Aprel 2023
Dertleşerdim hemem seniň göwnüňi alardym ýöne bäri köpçülik😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.