Türkmen gyzlaryna maslahat.
Hiç haçan oglanlara, asyl adamlara gowy görünjek bolup, öz häsiyetinizi, daşky görnişiňizi üytgetjek bolmaň! Söýýän bolsa sizi öz bolsuňyz ýaly söýsünler. Görnişiniz ýaly boluň, bolşuňyz ýalam görüniň!
Ýokarky sözleri öňem okan ýa-da eşiden bolmagyňyz mümkin.
Dogry, hemme zat geçýär, emma gynansakda hemme zady unudyp bolanok. Siz oglan üçin öz bolşuňyzy, häsiýetiňizi,daşky görnüşiňizi şu wagt üýtgetdiňiz diýeli, durmuş gurup ömürlik ýaşaşmaly bolmaly wagtyňyzam özüňize agram salyp bolşuňyz ýaly görünmän, hemişe olara ýaramsaklyk edip gezjekmidiňiz!? Goý oglanlar bize görünjek bolsunlar, gyzlar oglanlara dälde. Beý diýsem oglanlar sizi peseltmek islemedim, erkek adam mydama hem zenandan hemme tarapdan ýokarda durýar. Kim bolsaňyzam özüňiz boluň, kesekiniň bagtyna guwanmaň, başga biri boljak bolmaň, gowy adamlara öýkünjek boluň. Durmuşda özüňizi tapjak bolmaly, size düşünýän, sizi şu durşuňyza kabul edip biljek ýaryňyzy tapmaly. Oglanlara hem degişli.Köp isläp azdan galýanlaram bar durmuşda. Oglan bilen gyz düşünişýän bolsa, onda bu söýgi uzaga gider. Eger dawa, jenjel, uruş eýýämden bar bolsa, onda pikirlenip görüň belki tapawudyňyz uludyr.
Gatnaşykda urşam bolup biler, sögüşem. Güýçli adamlar sögüşerem, urşaram ýöne ýene bile galarlar. Ejizler welin başga birini gözlär.
Adamlar çyn söýgi barada arzuw edýärler. A siz bilyäňizmi hakykatdan ol näme zat? Ol bir ýöne yzygiderli toslama romantika däl, günde irden bile turmak ýa-da tutulan toý we çagalar. Olardan öňem we soňam siz hökman dadyp görmeli zatlaryňyz: ýalan sözler, öýke-kine, göwne gegmek, ýetmezçilik-kemçilikler. Bu zatlardan hemmesi geçyär, kim söýmäge synanyşýan bolsa, kim öz ýaryny gözleýän bolsa. Ýöne, ýokardaky sanalan zatlary bagyşlap bilýän adamlar - hakykytdan birek-biregi söýýändirler. Olar hiç zatdan gorkanok. Olaryň söýgisi hiç zatdan gorkanok. Sen öz durmuşyňy oňa sowgat berip biläýjek adamyňy seçip al. Öz içki dünýäňe düşünip biläýjek adamy. Şol adam üçin öz ulumsulygyňy depeläp biljek. Ony birinji planda, özüñ ikinjä çekilip biläýjek biri bolsa, hakyky söýgi şoldyr.. Meñ pikirimçe şular yaly.
Söýgide gün ýaly bol,
Dostlukda akar suw ýaly bol,
Ýalňyşlary örtmekde gije ýaly bol,
Pespällikde toprak ýaly bol,
Gahar gazapda öli ýaly bol,
Näme bolsaň bol, ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol! .