1954-nji ýylynyň iýul aýynda Tokýanyň Hameda aeropordyna adaty bir uçar gondy. İçindäki ýolagçylaryň aglabasy syýahatdan dolanan ýaponlar bolsa-da birki sany ýewropaly hem bardy. Ýolagçylar ýüklerini almazdan ozal gümrük barlagyna eltildi we ýeke-ýekeden barlanmaga başlandy. Aeropordyň gözegçilerine mylakatly we gowy geýinen bir adam şübheli göründi. Ol adamyň ene dili fransuzça bolup, ýaponça hem içinde birnäçe başga dilleri hem bilýärdi. Nätanyşyň aýtmagyna görä Ýaponýada iş saparyndady. Oňa ynanmazçylyk etmäge hiç hili sebäp görünmeýärdi. Elbetde, paspordy görülýänçâ. Pasportda ullakan garalanan harplar bilen TAURED ýazylgydy. Hiç kim beýle bir ýurdyň bardygyny eşitmândi we tebigy taýdan hiçkim bilmeýärdi. Sorag ideg etseler hem hiç hili netije çykmandy. Hekaýanyň geň ýeri bolsa, onuň bu ýylda Ýaponýa 3-nji gezek gelişidi. Paspordyndaky gidiş-geliş peçatlary subutnama bolup durdy. Adamy sorag etmek üçin bir otaga alyp gitdiler. Ol öziniň Tauredde adaty bir watandaşdygyny, Taurediň 1000 ýaşyndaky bir patyşalykdygyny ony nähili bilmeýândiklerine düşünmeýändigini aýtýardy. Hat-da jübisinden Taured pul birligini çykaryp görkezdi. Puluň ýasamalygy hakynda delil tapylmandy. Ahyrynda sorag berýän dedektiw adamyň öňinde karta açyp goýdy we Tauredi görkezmegini isledi. Nätanyş Fransiýa we İspanýa arasyndaky Andora patyşalygyny görkezdi.
Şol bir soraglardan ýadan adamyň sabry azalyp gaharlanmaga başlapdy. Muny aňan dedektiw aeropordyň üst gatlaryndan bir otag alyp ol adamy ýerleşdirdiler. Gapysynda 2 esger tarapyndan goralýan 6-njy gatdaky nâtanyş agşamara biraz irkiljekdigini aýdyp otagyna girdi. Ondan 2 sagat soň hökümetden adamlar gelip ol adamy görmek islediler. Otaga girenlerinde bolsa hiç kim ýokdy. Adam hemme goşlary bilen ýitirim bolupdy. Esgerler daşary hiç kimiň çykmandygyny, daşardaky adamlar bolsa 6-njy gatdan aşak hiç kimiň bökmändigini aýtýardylar. Bu adam kimdi, nâdip geldi, nädip gitdi? Komplo teorýaçylar bu adamyň biziňkä örän ýakyn bir parallell dünyäden gelendigini, uka gidende bolsa öz dünýäsine çekilendigini aýtýarlar. Şeylelik bilen Tauredden gelen adam öz syrlary bilen taryhyň tozanly sahypalarynda özine ýer edindi.
Nätanyşyň pasporty: