Gözellik.
Meşhur pars şahyrlarynyň biri gözellige akyl ýetirmek üçin jümle-jahana aýlanyp çykmagy ýüregine düwýär. Şu maksat bilen ýola düşen şahyr, özüniň ymtylýan zadyna göz ýetirmek isleýär. Çal saçly, gartaşan şahyr bir gün ymgyr sähralykda uklap galýar. Şahyr säher çagy oýananda özüne maýyl edýän perişdesypat gyzyň garşysynda durandygyny görýär. Aljyraňňy hala düşen şahyr:
– Sen kim, nädip bu ýere düşdüň? Belki-de gözelligiň nämedigini sen maňa düşündirersiň? Sebäbi oňa her kim birhili garaýar, dürli-dürli taryplap, köňül berýär – diýip, bütin göwresi bilen saňňylda öwrülýär.
Aý ýaly gözel gyz şeýle jogap berýär:
– Aljyramaň, men sähra gyzy. Gözelligiň nämedigini saňa düşündirsem, ol bizi gurşap alýan tebigat. Köpler üçin bagt gözellikden başlanýar. Gözelligiň şahyrlary elýetmez belentlige eltýän basgançakdygyny unutma! Gözellik göwnüň maýyl bolýan zady bolup, oňa duş geleniňde, kalbyň onuň çuňluklaryna uzaýandygyny bilip goý. Gözellik gizlin bolsa-da görýän, sessiz-üýnsüz bolsa-da, eşidýän närsäňdir. Has dogrusy, gözellik bu göwnüň ýagşylyk saýýan närsesidir. Gözellik seniň görýän we alasyň gelýän zadyň däl-de, eýsem, beresiň gelýän zadyňdyr.
Şol pursat sähra gyzy şahyryň golaýyna baryp, ak zyba aýasy bilen onuň gözüni ýapýar. Gyz aýasyny aýyranda, şahyr onuň gözden gaýyp bolandygyny bilip galýar. Şahyr şondan soň öz ýurduna dolanýar. Gözellige akyl ýetiren şahyryň kellesinde sähraly gyzyň «Gözellik seniň görýän we alasyň gelýän zadyň däl-de, eýsem, beresiň gelýän zadyňdyr» diýen jümleleri gaýtalanýar.
Netije: Ösüp oturan owadan bägüli gowy görseň, ony goparman ideg edip, suw berýärsiň.