BaýramBejidow
22.04.2023 01:12
Wulkan ýaly ýanyp duran hesermiñ,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal,
Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem,
Ykbalymyñ maña eden ähti bar.

Bilýäñ ahyr, duýgylamda meslek ýok,
Arzuwlarma umyt bilen çyrmaşdym,
Başarsañ-a ynamymy berçinläp,
Heşdek ýaly dogumymy ornaşdyr.

Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Garaşma sen çogly günüñ dogarna,
Ykbal, täleý, ýazgyt bile birigip,
Iñ soñunda alyp gider owarra.

A soñra-da ne men, ne-de sen meni,
Tapyşmarys,
Idemersiñ, idemen,
Seniñ üçin tüme dönen dünýäni,
Görmezligi arzuw eder dideleñ.

Öwrenşeris, ,,Ýazgyt" diýip oñarys,
Başyñ alyp durmazmyşyn ähli zat,
Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal...

Awtory: Baýram Bejidow
19
101
nurmenli
22 Aprel 2023
Kabir ynsanlar düşünmez👍👍👍
BaýramBejidow
22 Aprel 2023
gul_,Daş aralyk, uzak aralyk, uzak ýer, daş, uzak.Öýüň gapdalynda suw barka, ony owarradan ýük edinip getirmegiň geregi ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Geljek harasat özümi owarra alyp gidermikäm -- diýip pikirlenýärin. («Mydam taýýar» gazeti)
yakup allabayew
22 Aprel 2023
Owarra manysy gitse gidip gecsin uns berme zyyany yok manyny berya
Akgyz💗
22 Aprel 2023
Birinji 👍👍👍menden bolsun🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.