Carygulyuew Dowran...
19.03.2020 16:22
Söýgi näme?

«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn».

«Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: «Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!»

«Söýgi näme?» diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: «Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal».

«Söýgi näme?» diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: «Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum».

«Söýgi näme?» diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
«Men, men, men...
Ynha, Söýgi men!..»

«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!»

«Söýgi näme?» diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!»

Kerim Gurbannepesow
9
1 410
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Howa su turkmen men onrakden hns beryan aldap name etjek aytda gezde torda gepi den gelenok sondan basga diyen zadym yoklay menem turk bol kurt bol turkmen bol tapawydy name
BBaharjyk❣
19 Mart 2020
Ay blmk dayy yone men pikirimcede turk dalmika diyyan
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Wah dusinemokda yegen men on gownine degemoga mundan beter oyime akidaymesem hic zat etmedim bir diyen zadym sunymyz turkmen bolaymasa diydim .

Sonam yany tapmadymda name diyip turkmence yazypdyr soygide utyldym diyyami bir hila yazypdyr . Menem turkden gelip turkmen gyza oylenip bilen bolsa nahili utulyaray soygiden onrak cok soyyan diyip durdy gurrunu den gelenok dogrysy bir hili ynanamok
BBaharjyk❣
19 Mart 2020
Dayy turke dusunenzokmy cynnanam. Duman diyya hic kimin gownune degman diyya turkm yada turk bolsun tapawudy yok diyya.
K_e_M_a
19 Mart 2020
Ooo turk kardeslerimizdemi varmis burada? Valla ne yalan soyleyim gururlandim yani yurtdisindanda girebilyolarsa buna. Iyimis ya. Abi sen nerelisin ya ben merak etdim simdi? Seninle bir diyaloga nedersin? Gerekten turksen tabi? Cakma falan degil yani.
DUMAN
19 Mart 2020
Kardesim benim karim turkmen istarsam ban koyuyorum istarse karim koyuyor sizin diliniz cokda zor diyl ban hickimseye anlatmakda zorunda diylim
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Yalan sozlap name edeyin ynanamokmy ynanamok bir hili kop wagt bari syn edyan gownime ciglik gidya

Kumus bahar haysynyzam bolsa su abi name diyyaray aydyp berayinda indi bir kemim sun bn gep ursdurmakdyda
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Duman aga men sen name diyyanine dusinemok yegenlem gelip terjime edip berse dusinerin we jogap bererin yone men erbet zat diymedim yzyndan gurlemedim goni aytdym turkmence post goyyan arasynda dusinyan turkmenca son un sen turkmen bolmagyn ahmal

Ikinjidenem soygim gowusmady diyipsin turkyeden gelip turkmen gyzyna oylenip yasayan bolsan sen yersiz yere jowulik edyan gunine sukir etmege derek oz turkmen oglanlarymyzyn oylenip bilman yoreni az dal su sozlerem nirede bolsada diyyan men
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Olmek yada hic yerik gitmek barada hic hili pikir bolmaz berekella kumus bahar dinlemese mana aydaygyn
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Yevenler akyllyja bolalyn dunyan yuzi wirus bn goresyaka bizin agzybir bolmagymyz gerekdir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.