Gülki Show🎉🤹🏻
Bir oglanjyk edebiýatdan taýýarlanýa we ejesinden soraýa:
🧑🏻💼 - Eje komediýa, drama, tragediýa näme? Maňa şolary düşündirip beräý.
🧕🏻 - Oglum ine seret. Kakaň günde, gün aşa öýe içip, lüt pyýan bolup gelýär. Onsoň şol goňşular üçin komediýa, biz üçin drama, kakaň üçin tragediýa
😁😁😁😁😁😁
Bir däli wokzala bilet almana gelýär. Bilet berýänçi soraýar:
👩🏻✈️ - Howwa nira gerek bilet
Däli:
- Balkanabat - Aşgabat gerek gelneje
👩🏻✈️ - Kupe gerekmi ya-da plaskart
Däli:
- Haýsy gaty gitýän bolsa şondan bera gelneje
😁😁😁😁😁😁
Bir adam süýji kesel bolupdyr. Kesel bir eline geçipdir. Onsoň doktorlar munyň oňini almak üçin bir elini kesipdirler. Onsoň Doktar yaňky eli kesilene gowünlik berip ruhlandyraýyn diýip:
🧑🏻⚕️ - Howwa siziň eliňizi kesdiler keseliň öňüni almak üçin, ýöne siz muňa hiç gynanmaň. Zato siziň beýleki eliňiz bar. Millet iki eli bilen pul sanasa siz bir eliňiz bilen pul sanarsyňyz. Toýda iller iki eli bilen tans etse siz bir eliňiz bilen tans edersiňiz.
😒 - Aý sagbolaý gaty gowy göwünlik berdiň
😁😁😁😁😁😁
Bir gün Wandam Türkmenistana bazara gelipdir. Muňa hiç kim üns bermändir. Ýanyna gelip sen Wandammy diýýänem ýok diýýä. Wandamyň muňa gahary gelip bir demir satýan daýzaň ýanyna baryp iň yogyn demiri saýlap:
🧒🏻 - Daýza şu demiriň näçeden
🧓🏻 - 50 manat oglum
Wandam ýaňky demiri çygylyp zordan ýemşirip:
🧒🏻 - Aý daýza munyň gymmat aljak dal diýip daýza beripdir
🧓🏻 - Almajak bolsaň ýemşirtme oglum diyip demiri dogurlap oňki yerinde goýupdyr
😁😁😁😁😁😁
Mugallym okuwça:
👨🏫 - Nýutonyň birinji kanunyny düşündir.
🧑🏻🦱 - Mugallym men diňe soňky bölegini bilýän.
👨🏫 - Hany bolýa soňky bölegini aýdyp ber onda.
🧑🏻🦱 - ...we bu kanuna Nýutonyň birinji kanuny diýilýär.