BaýramBejidow
20.04.2023 10:23
Plany Planyýewe bagyşlaýan)

Gözleriňe dünýä sygan mähriban...
Bakyşlaňda soňsuzlygyň mähri bar.
Sesiň bilen saz eýleseň göwnümi
Gülüşiň ýaz deýin eçilýär humar.

Inçesagt syratyňa bendiýem
Gursagyň mährapdyr gursagma meniň.
Ömür boýy şaýylyga kaýylam
Seždegähim bolsa alnyma lebiň.

Galtaşsaň süňňüme o:tlar kär etmez
Sogap ber, sag taýky kitabym boşlaw.
Maňa iň aýylganç yzany eçil!
Ejirleň ruhuma eçilsin hoşluk.

Adymyň yzyna "ym" goşup diýýäň
Sözleň bilen bir wagt gyýdyň nikamy.
Öp meni, gujakla, eýele erkim
Hak nuryndan isme gelen mekanym!

Laçyn Öwezowa
18
123
ylham_gurbanaly
18 May 2023
Yhm yhm plany))
menesa___
20 Aprel 2023
,, Adymyň yzyna ,,ym'' goşup diýýän " ... 👍
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
20 Aprel 2023
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.