Günüň dowamynda has güýçli we sagdyn duýmak üçin, ýatýan wagtyňyza üns bermek hökmandyr! Ir ýatmak bedeniňize we aňyňyza oňyn täsir edýär. Şonuň üçin käbir üstünlikli adamlar ir ýatýar eken. Eýsem, näme üçin ir ýatmaly? Geliň, bu meselä has içgin seredeliň:
Biziň ukymyz 90 minutlyk çuňluga we ýagtylyga bölünýär. Bular REM we REM däl uky. Ukymyzyň iň çuň we dynç alýan bölegi 22:00-dan 02:00 aralygynda bolýar. Diýmek, ir ýatmaga başlasaňyz, has köp dynç alarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde, geçirilen gözlegleriň netijesine görä, has ir ýatmak we gijelerine ukymyzy ýitirýän negatiw we aladaly pikirlerden uzak durmaga kömek edýär. Ine, ir ýatmagyň ýene-de bir sebäbi!
Çuňňur uky döwründe, bedeniňiz özüni we gormonlaryňyzy bejerip başlaýar. Bu möhüm işjeňlik sport bilen ýakyndan gyzyklanýanlar üçin möhümdir.
Ýeterlik uky almazlyk, özüňizi has ýadaw duýmaga sebäp bolýar. Çünki bedeniňizde kortizol gormonynyň artykmaçlygy öndürilýär. Kortizol sekresiýasynyň aşa köp bolmagy bizi aladalandyrýar we saglygymyza ýaramaz täsir edýär. Ir ýatmaklyk çuňňur uky fazasyndaky wagtyňyz artdyrar we kortizol derejäňizi gözegçilikde saklamaga kömek eder. Kadaly uky almak dürli keselleriň öňüni almakda mümkinçiligi azaldýar.
Ir ýatýan adamlaryň gijeki baýguşlardan has sagdyndygy anyklanylypdyr. Ýeterlik uky almaýan adamlaryň 2-nji görnüşli süýji keseli, ýürek keselleri we ýokary gan basyşy ýaly saglyk näsazlyklaryna has köp duş gelýändigi mälimdir.
Gözlegçiler, agşam sagat 22:00-dan daňdan 02:00-a çenli çuňňur uky fazasynyň immun öýjükleri üçin hakykatdanam möhümdigini bellediler. Kadaly uky almaýan adamlarda immun ulgamy gowşak bolup, şonuň üçin hem olarda hassa bolmak howpy has ýokary.
Geçirilen barlaglar, ýeterlik uky alýan adamlaryň has bagtlydygyny görkezipdir. Ukymyzy kadaly almasak, duýgularymyzy dolandyrmakda kynçylyk çekeris. Bilşimiz ýaly, ir ýatmak, ir turmagy aňladýar. Günüň dowamynda her birimiz gün şöhlesine köp duçar bolýarys. Bu bolsa bedenimizde bagtyň açary bolan serotoni köpeldýär.
Gowy uky almazlyk, töweregiňizdäki adamlaryň duýgularyna düşünmekde kynçylyk döredip biler.