ay_kiz_
18.04.2023 08:04
🌿...Dünýäde kislorody öndürmekde Russiýa Federasiýasy öňdebaryjydyr. Sebäbi Sibirde Ýer ýüzüniň tokaýlarynyň, takmynan, 20 göterimden gowragy ösýär. Bu bolsa, elbetde, bu ýurdy kömürturşy gazyny kisloroda öwürmekde dünýäde öňe saýlanýar.

🏜...Ýer şarynyň iň gurak ýurdy Liwiýadyr. Bu ýurduň meýdanynyň 99 göterimi çöllük bilen gurşalandyr. Liwiýanyň käbir sebitlerinde onlarça ýyllap ýagyş ýagmaýar.

🏞...Dünýädäki iň köp kölli ýurt şübhesiz Kanadadyr. Çünki Ýer ýüzüniň ähli kölleriniň 60 göterimi bu ýurtda ýerleşýändir.

👦👧...Dünýäde iň ýaş ilatly ýurt Niger bolup, onuň ilatynyň, takmynan, ýarysy 15 ýaşdan kiçidir.

👨‍👩‍👧‍👦...Ýer ýüzünde iň selçeň ilatly ýurt Mongoliýadyr. Ýurduň ilatynyň ýerleşiş gürlügi 1,5 inedördül kilometre 4 adamdan ýetýär. Gonkongyň Mong Kok etrabynda bolsa 1,5 inedördül kilometre 340 müň adamdan ýetýär.

💫...Dünýäde iň köp dilde gürleşilýän ýurt Papua — Täze Gwineýadyr. Ýurduň resmi dil iňlis dili bolsa-da, ilatyň bary-ýogy 2 göterimi şol dilde gürleşýär. Papua — Täze Gwineýanyň ýaşaýjylary gepleşik üçin 820-den gowrak dili ulanýarlar. Bu bolsa dünýä dilleriniň 12 göterimine barabardyr.

🐑...Dünýäde adam başyna iň köp dowar düşýän ýurt Folklend adalarydyr. Beýik Britaniýa degişli bu ýurtda 3 müň adam ýaşap, dowarlaryň bolsa 500 müňüsi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurda esasy girdeji hem goýun ýüňünden gelýär.
15
237
Myhman
22 Aprel 2023
👍oran gyzykly
işan
18 Aprel 2023
örän gyzykly postlar
Myhman
18 Aprel 2023
Gyzykly
yakup allabayew
18 Aprel 2023
Govy post 👍👍👍👍
Akgyz💗
18 Aprel 2023
👍👍👍 Gyzykly eken
ideallider
18 Aprel 2023
Men "Ýeriň öýkeni Amazonka" diýip düşünýärdim🤔👍
Güljagaz♡♡♡
18 Aprel 2023
Gyzykly......👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.