ay_kiz_
18.04.2023 05:30
📖...Esasy pursatlary, peýdaly maglumatlary we pikirleri ýazyp alyň!

Köp adamlar kitaby ýa-da internetdäki makalany okanlarynda çaltlyk bilen tekste göz gezdirýärler. Şeýlelikde, gerekli maglumat ýatdan çykýar. Eger-de siz ünsüňizi çekýän zady ýazyp alsaňyz, okan zadyňyzy has gowy ýatda saklarsyňyz we durmuşda ulanarsyňyz.

📖...Aşagyny çyzyň, tapawutlandyryň we oýlanyň!

Tekstiň bölekleriniň aşagyny çyzmak we reňkler bilen tapawutlandyrmak ýeterlik däl. Maglumaty ýatda saklamak üçin siz onuň üstünde oýlanmaly. Meselem, okap gutaranyňyzdan soň tekste we belliklere ýene bir gezek serediň hem-de öz-özüňizden soraň: «Meniň üçin näme möhüm?». Şeýle etmeklik bilen siz haýsy maglumatyň ýatda saklamaklyga degerlidigine göz ýetirersiňiz.

📖...Maglumatlary kategoriýalara bölüň!

Bellik etmek bilen maglumatyň nirede ulanylyp boljakdygyny we onuň näme üçin size ýarandygyny ýazyp alyň! Gerekli kategoriýalara bölüň! Meselem, «Owadan jümleler», «Iş üçin maglumat», «Durmuşa geçirilmeli pikirler».

📖...Papka dörediň!

Kitaby gowy ýatda saklamak üçin papka dörediň. Munuň üçin aşakdaky shemadan ugur alyň:

— Kitabyň daşky sahypasyny alyň.

— Öz sözleriňiz bilen kitabyň näme baradadygyny ýazyň.

— Ähli jümleleri we möhüm zatlary ýazyp alyň.

— Okan wagtyňyz sizde nähili pikirleriň ýüze çykýany barada ýazyň.

📖...Okan zatlaryňyzy dostlaryňyz bilen paýlaşyň!

Ara alyp maslahatlaşma okalan zadyň gymmatyny artdyrýar. Gatnaşyk saklaýan adamlaryňyzyň içinden siziňkä ters gelýän garaýyşlary bolan ýa-da adaty bolmadyk pikirlenişli birini saýlap alyň we onuň bilen kitaby ara alyp maslahatlaşyň! Şeýle etmek bilen siz diňe bir derňemek ukybyňyzy ösdürmän, eýsem, öz pikirleriňizi aýdyň beýan edersiňiz we tekste başga göz bilen seredersiňiz.

📖...Okan zadyňyz barada ýazyň!

Alnan bilimleri berkitmegiň iň gowy usullarynyň biri hem ony başga biri bilen paýlaşmakdyr. Kitap barada ýazmak bilen biz diňe bir onuň manysyny nygtaman, eýsem, pikirlerimiz we tejribämiz arkaly üstüni ýetirýäris, ony baýlaşdyrýarys.

📖...Okan zadyňyz barada öz-özüňize sorag beriň!

Özümize mazmun hakynda sorag bermek bilen biz passiw kabul etmeklikden aktiw derňewe geçýäris. Gowy kitabyň on sahypasyny derňemek internetdäki elli sany makalany çalt depginde okamaklykdan has bähbitli bolar.

Kitaby okap gutaranyňyzdan soň özüňize aşakdaky soraglary beriň:

— Kitap, umuman, näme barada?

— Kitapda näme barada jikme-jik durlup geçilýär?

— Kitabyň mazmuny hakykata doly gabat gelýärmi?

— Men öz okan zadymy durmuşda ulanyp bilerinmi?

— Meniň durmuşymda şuňa meňzeş waka bolup gördümi?

— Kitap meni nähili pikirlere iterýär?

📖...Kitaby ýene bir gezek okaň!

Gaýtalamak öwrenmegiň enesidir. Siz kitaby täzeden okanyňyzda özüňiz üçin öň üns bermedik ýa-da düşünmedik maglumatyň üstüni açýarsyňyz. Mundan başga-da, siz eýýäm özleşdiren zadyňyza başgaça düşünýärsiňiz.

📖...Okan zadyňyzy durmuşyňyza ornaşdyryň, ýönekeýje zatdan başlaň!

Adamlaryň kitapdaky maslahatlary tejribede amal etmeýändikleriniň esasy sebäpleriniň biri hem olaryň ähli zady birden ulanjak bolup synanyşmaklarydyr. Okap bolanyňyzdan soň siz öz durmuşuňyzy düýpgöter özgertmäge çalyşýarsyňyz. Ýöne bu ägirt tagallany talap edýär, şonuň üçin hem siz çalt ýadaýarsyňyz we işi ýarty ýolda taşlaýarsyňyz. «Kitapdaky pikirler peýda getirenok» diýen netijä gelmek bilen siz indiki kitaba ýapyşýarsyňyz. Munuň bolsa yzy tükenenok.

Täze endikler durmuşa bildirmän ornaşdyrylmaly. Täze tejribäni özleşdirmek näçe kyn boldugyça we köp wagt talap etdigiçe, şonça-da ony taşlamak ähtimallygy ýokarlanýar. Şonuň üçin durmuşyňyzy az-azdan her gün özgerdiň!
18
204
Güljagaz♡♡♡
18 Aprel 2023
👍👍👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.