Ejem,
sesine çen garran ejem!
Hüwdüsi-de,
gülküsi-de,
ýylgyrşy-da garran ejem!
Geçir, günälermi geçir,
Men — döremängeçen geçi.
Men, bar-a, şü
Eşek müneniň aýagy ýaly,
Dek durmaýan dilim bilen
Köp degýärin göwnüňe seň.
Men ýalynyň el-aýagyn güýläge,
Manjanykga salyp, atyp goýber-dä,
Daş atan ýaly,
Duşmanyň üstüne,
Serhetden aňry.
Ejesini öýkeledýän,
Men ýalynyň jezasy — şo!
Ejem!
Ak saçlaryn ýygşyrjagam bolmaýan mähri bar ejem!
Mähriban ejem!
Seni ak saçlaryň üçin
gowy görýärin.
Seni dişsizligiň üçin
Söýýän!
Hudaý saklasyn, hanha
Saçlaryn boýaýan ejelerem bar.
Dişleri abatja ejelerem bar.
Ejem,
Düýäniň gözünden görünýän ýaly,
Kiçelip barma günsaýyn.
Gujaklaýyn, gujaklaýyn!
Hany, oşşaýyn, hany, oşşaýyn!
Ejem,
Wah, meň gözsüz-gulaksyz,
Diş-dyrnaksyz, dilsiz-agyzsyz ejem,
Gönümelligim üçin ötünç soramok.
Kakama meňzänim üçin
bagyşla!
2009ý.
✏Laçyn PÜRJÄÝEWA