Öz-özüňi tanamak üçin kiçiräk anket.
Ir bilen oýanýan. Öýüň ýerbe-ýer.
Keýpiň kök, janyň sag, hudaýa şükür,
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –
Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?
Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?
Ynha bir edara. Başlygy – dostuň,
Ikimiz içerde «kikirde-kikir».
Gapyda kyrk adam garaşyp otyr.
Şonda näme kakda edersiň pikir –
Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?
Ýa-da işikdäki nobat hakdamy?
Saklandy gapyňda kerpiçli maşyn,
Maşynyň şofýory – bir ogry-mekir.
«Ýarpy bahasyna al şuny!» diýýär.
Şonda näme hakda edersiň pikir –
Jübiňe bähbitli arzan hakdamy?
Ýa kellä bähbitli wyždan hakdamy?
Ynha et dükany. Satyjy goňşyň.
Saýlap-seçip saňa bir budy çeker.
Yzyňdaka bolsa – gaty oňurga.
Şonda näme hakda edersiň pikir –
Özüňe edilen hezzet hakdamy?
Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?
Barýar köçe bilen maýyp weteran.
Diňe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa «Wolgaly» dazlap barýarsyň.
Şonda näme hakda edersiň pikir –
Öz ornuň, öz nyrhyň, «Wolgaň» hakdamy?
Ýa «Wolga» ýetiren pälwan hakdamy?
Kerim Gurbannepesow