Carygulyuew Dowran...
19.03.2020 09:55
Sazlaşyk

Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,
Näme, ýürek kada garap durmaýar.
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.

Güýz ýene endikli elleri bilen
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn,
Tankyt ediljegmi bilsem-de, ýene
Güýz bilen oturyp gussa çekýärin.

Bu gussa durlaýar, saplaýar meni,
Ähli geçenime nazar aýlaýan.
Seredip otursam, şeýle gussada
Geçen ýoluň görner eken has aýan.

Ýüregime ýassyk edip gussany,
Geçen hakda oňa sorag berýärin.
Her halda ýaşlygym güňläp geçipdir,
Men muňa sähelçe ökünmeýärin.

Günleriň şat gülküsini bölüşip,
Aglana teselli berip ýetişdim.
Aýly gije uly aýyň gaşynda
Aý jemally ýarym bilen öpüşdim.

Gördüm menem ýigrim bäşiň içinde:
Güýz gelýär — ýapraklar,
meýdanlar solýar»
Ýöne iň beýik zat: adam durmuşyn,
Kalbyny beýgeldýän eserler galýar.

Häzir bolsa, bu paýhasly güýz bile.
Ýumşak gussa çekýäs, sözsüz sözleşip.
Ýaşasyn adamyň hem tebigatyň
Arasynda güňläp duran sazlaşyk!

Gurbannazar Ezizow
6
714
Bagtym bol sen
19 Mart 2020
wayyyy tova gireninde name bolya
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Dayzan owrenmela gireni goz onime gelip tok urdymlay
Bagtym bol sen
19 Mart 2020
xmmmmm
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Yok yegen gowy yone yany tolgundum
Bagtym bol sen
19 Mart 2020
???ha name boldy dayy
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Huday diyeweri yegen dek oturan gunimi mana kop goryanmi men sana name yamanlyk etdim yegenjan beytmeda
Bagtym bol sen
19 Mart 2020
Menem gowy Dayy Hudaya şükür. Hmmm bolya kan gaharyny getirme yöne dayzamyñ.wii dayy dayzamam owrenmela salsana ???
Jerkam.
19 Mart 2020
????
Myhman Myhman
19 Mart 2020
Men liriki oýlanma kän ýazýan ýõne gynanćly bolýada diñe õzúmde galýa çap edenoklar kän gaýgyly bolsa
Carygulyuew Dowran...
19 Mart 2020
Men hekaya yada oylanma okamany gowy goryan . Temasy name barada bolar kyssa eserinin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.