alma
17.04.2023 17:19
Beýik ýeňişleri, ajaýyp üstünlikleri bilen dünýäni  aňk eden Isgender patyşa heniz ýaş oglan mahaly, kakasynyň hem ýurduň hökümdary wagty, olara Parfiýadan bir ajaýyp bedew aty sowgat getiripdirler. Gelşikli, sarç bedew şeýle bir özüne çekiji ekeni, emma hiç bir seýis, çapyksuwar bu bedewe münüp bilmändir. Ýaňybir eýerine oturdym diýeninden,  bedew at çarpaýa galyp, ol adama ýer bagyrtladar ekeni. Bu ýagdaýy synlap duran bir parasatly akyldar: "Şu bedewe erk eden adam, dünýä erk eder" ýa-da "Şu bedewe diýenini etdirip bilen adam dünýä diýenini  etdirip biler" diýipdir. Ahyry bu bedewiň dilini tapmak diňe ýaş Isgendere başardýar. Soňlugy bilen ol dünýä hökümini ýöredip bilen hökümdara öwrülýär.
Eýsem, şeýle bedew häzirem barmy? Elbetde, bar. Oňa Erk bedewi diýilýär.  "Erkiňi jylawlap bilseň" ýa-da " Özüňe erk edip bilseň" tutuş dünýä, iň bolmanda öz dünýäňe doly erk edip biljekdigimiz juda köp nygtalýandyr.
16
82
2012
23 Aprel 2023
Elbetde dogry
Myhman
18 Aprel 2023
Dogry aytyan
melek06
17 Aprel 2023
👍🏻.....
idealis kiz
17 Aprel 2023
Dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.