ylham_gurbanaly
17.04.2023 14:23
Geçdigiçe geň göremok,
Adamlaryň haýrany kän.
Tagam dadyp ýalanlardan,
Sakgyç edip çeýnäni kän.

Gury ýerden iş bitenok,
Hantamadyr kömek eden.
Bir gün meni taşlar diýip,
Gorkup ýörün kölegeden.

Kelleleriň poslany hiç,
Batgalykda düşünjeler.
Iki juwan gürrüňinde,
Üç müň sözde müň ejeler.

Gülkinç görnen haýranlarma,
Durmuş meni iterip ýör.
G:aljak bolup, çöp göwrede,
Daýawlary göterip ýör.

"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",
Bu günki gün afişada.
Mollasypat, "akyl öýi" -
Içi heňlän hapysa-da.

Kiçi dilden "tüweleme" bar,
Görüplik bar ençe kalpda.
Ynam indi gözlenip ýör,
"Ynam" atly dörtje harpdan.

Bolmajaklaram bolup dur,
Tapawut ýok ertekiden.
Garny doklaň, gözleri aç
Kanagat ýok bir, ikiden.

Aýdylana geň görmäňem,
Aýdylmadyk zatlar köpdür...
Hakykaty aýtmasaň bor,
Senden gowy adam ýokdur...



Ylham GURBANALYÝEW
2022.
24
223
Myhman
18 Aprel 2023
Örän gowy
Melikee
18 Aprel 2023
ylham_gurbanaly,tüweleme ! 👏
ylham_gurbanaly
18 Aprel 2023
Melikee, utanlar toparym) utulanlar konserwatoriýaň topary)
Melikee
18 Aprel 2023
ylham_gurbanaly, özüme ýakyn gören toparyma/talyplaryma balet edip görýädim) 8:0 aratapuwada sered-ä 👏..
utylanlar kimdi ?
ylham_gurbanaly
18 Aprel 2023
Melikee, 1 ýyldan bäri bolanok, iň soňky oýun toparym bilen konsenwatoriýa ýaryşdyk. 8-0 utupdyk)
Melikee
17 Aprel 2023
ylham_gurbanaly,salam salam ) soñky wagtlarda gabat gelemok sol baslesige henizem bolyamyka ?
ylham_gurbanaly
17 Aprel 2023
Melikee Salam, abat, 2021de sanyndaky o surat. You tubde dolusy, instagramda tiktokda bölek bolmaly
abat
17 Aprel 2023
ylham_gurbanaly,näçenji sany ýada nädip gözläp tapmaly?ýene haýsy telegepleşikde çykdyňyz?
abat
17 Aprel 2023
ylham_gurbanaly akyl giňişligi (peredaçaň)adyny sorajakdym.düşnükli.Sag boluň jogaplanyňyza🙂👍
Melikee
17 Aprel 2023
ylham_gurbanaly,menem şo suraty sorajakdym.İmoda gabat geldim ilki.Näçinji ýyl gatnaşanyňdy surat ?:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.