Dowvvran
17.04.2023 13:49
Käte merdem ýagşylyga garaşýar
Elden gelen ýagşylygyň eçil sen.
Oňat işler oňatlara ýaraşýar,
Rowaýaty saçak kimin açyl sen.

Ýöne eden ýagşylygyň iru-giç
Gaýtargysyn talap edäýseň eger,
Unudaýma, soňky demine deňiç
Seniň haýryň ýigdiň bogazyn bogar.

Beýdeniňden goýber maňlaýyndan ok
Ýa-da hanjar bilen sal döşe ýara.
Çünki, haýyr işiň gaýtargysy ýok,
Ol kersen däl, goňşokara daşara
11
45
okayjy
17 Aprel 2023
Kerim Gurbannepesow ýalñyşmasam...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.