BaýramBejidow
17.04.2023 12:02
Unutjak.
Bolañda näme, söýeñde näme?,
Göremde näme, köýemde näme?,
Sen indi barybir küýümde däl-ä,
Bagtsyz geljegi duýamda näme?,
Unutjak.

Baglañ baldagyndan syzan şire men,
Şine men entek, gül açman belki,
Bulutlar señki, asmanam señki,
Gussalar meñki, zeminem señki,
Bar zatdan öñürti unutjak ilki,
Unutjak.

Pursat ber, asmandan ýüpümi asyp,
Sallançak ýasanjak gözüñe basyp,
Gursagmy giñeldip, ýüregmi gysyp,
Eýlese nesip, bir ýere busup,
Unutjak.

Hyýallañ jülgesi, arzuw adasy,
Mekanym bor, dükanym bor,
Satlyk duýgylarym satjak aýaman,
Öñem aýalmadym, ýene aýaman,
Güneşli günlere bolup saýawan,
Unutjak.

Halymy sorama, diýme ,,Niçik sen?",
Ýadadym, igledim, irdim, lejikdim,
Diýmese-ne dünýäm ,,erkek eşek sen"
Geçenlere ýorgan, kinä düşek men,
Ýyndamlygym ozan wagty pişikden,
Unutjak...

Awtory: Baýram Bejidow
17
112
Myhman
18 Aprel 2023
Unudyp bolmayara
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.