gulnaz nurekowa
17.04.2023 00:03
Çagalygyñ çagalyga meñzemez
Başyñ sypalajak atañ bolmasa
Egniñdäki agyr ýüküñ ýeñlemez
Başyñ sypalajak atañ bolmasa.

Añlatmasy kyn duýgy bor içiñde
Ejiz görüp ýykjaklar bar geçeñde
Gussañy gizlärsiñ nacar ejeñden
Başyñ sypalajak atañ bolmasa.

Ýürekden aglarsyñ ýalandan gülüp
Bir gezek ýaşarsyñ,müñ gezek ölüp
Il günem halyñy soramaz gelip
Başyñ sypalajak atañ bolmasa.

Gündüzlerden gijeleriñ uzak bor
Ýörän ýoluñ diken,gapan,duzak bor
Ýykylañda mele toprak gujaklar
Başyñ sypalajak atañ bolmasa.

Köp wagtyñy ýalñyzlykda geç:irsiñ
Öz iýjegñi özüñ tapyp get:irsiñ
Mert gezseñem ejizsiñ sen,ejizsiñ
Başyñ sypalajak atañ bolmasa.

Dünýe adalatyñ ýok eken asla
Ylgasam:"Dur"diýýäñ,ýöresem"Assa!"
Seret,bu asmanam depäñden basýar
Başyñ sypalajak atañ bolmasa.
Awtor:Nurekowa Gülnäz
23
139
flowers_
15 Fewral 2024
"Mert gezseñem ejizsiñ sen, ejizsiñ, Başyñy sypslajak atañ bolmasa":(👍👍
Myhman
18 Aprel 2023
Gosgy gaty gowy eken
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
17 Aprel 2023
gulnaz nurekowa, sag bol sps 👍😉
gulnaz nurekowa
17 Aprel 2023
Melikee,Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98,sag bolun janynyz sag bolsun
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
17 Aprel 2023
gulnaz nurekowa, derrew öwrenýäň aňsat öwrenşmek tüweleme gowy görülmedik post goýupsyň gaty gowy
Melikee
17 Aprel 2023
gulnaz nurekowa,ay hicle ;) Komek gerek bolsa tayyndyryn arkayyn soraver soramak ayyp dal 😇
gulnaz nurekowa
17 Aprel 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, entek owrenserinle😊
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
17 Aprel 2023
gulnaz nurekowa, düşünmek aňsat
gulnaz nurekowa
17 Aprel 2023
Melikee,wah bagyslaweri men kan bir dusunemok entak bu programma.yalnyslyk gidendir.
Melikee
17 Aprel 2023
Gülnäz Salam.Postuma dislike basypsyň.Sebäbini bilmek isleýän mümkin bolsa 🙄 !?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.