Türkmen halky söze , sözün gymmatyna uly ähmiýet berýär. Il içinde ýörgünli bolan " Dil görki - söz, ýüz görki - göz" "Köp sözüň azy ýagşy, az sözüň uzy" , "Akyl sözde mähir gözde" diýen nakyllarda hem sözün uly güýjüniň gudratynyň bardygy aýdylaýar.Söz ynsanyň bu dünýäde döreden iň mukaddes gymmatlyklarynyň biri. Sözüñ güýji bilen alynmajak gala ýok. Dana sözler ,paýhasly jümleler dünýäni bahar ýaza öwrüp biler. Sözlerimiz salyhatly ,manyly boldugyça , abeaý mertebämiz hormatymyz hem şonça beýige galar.