Yigrim dokuz ýyly yaşan ömrümiñ
Günasinden artykmyka sogaby?
Munyñ jogabyny agtaryp ýörün
Öz-özüme gaýtalap bu sowaly?
Bilmen,nije göwni bilmezden yykdym
Bilib-ä degmedim ejiz ýürege!
Ömrüñ sa:llarynda eglendim,y:kdym
Meñzemedim bir gayyksyz kürege
Ýetimi göremde başyn ogşadym
Bilýarin! Kyn onuñ gecmeli yoly.
Egnime ýüklermi alyp ýaşadym
Şu gün şu dünýäden göçmeli ýaly
Nacarlara el galdyran tentege
Haýbatly daradym,gargadym,sögdüm
Jandan gecip söýenim ýok entegä
Ýöne söýenimde janymdan söýdüm.
Ýalñyşlarym kän bolupdy,bolaram
Şoncaragam dogrulam bar elbetde.
Gowy günleñ saña gelmegi üçin
Şowsuzlygyñ bolýanlygam erbet däl.
Ýöne, ine yene jogapsyz galdy
Aklygy garadan sapladymmykam?
Ýigrim dokuz ýylda ejemiñ beren
Bir günki süýdüni hakladymmykam?
Awtor:Nurekowa Gülnäz