Pikir eýle türkmen aga
Inni senden kan zat ýitdi
Aýalyndan gyrmyz köýnek
Gupba hem donuň ýitdi
Hany ol keçeli öýiň
Hany ol şowhunly toýuň
Egin eşigin gara geýmiň
Öňki eşikden nyşan ýitdi
Hany ol çapylýan atym
Hany ol türkmen sypatym
Dilim boldy garym gatym
Türkmen dile düşýän ýitdi
Türkmenistan boldy ors
Türkmen eýran inni pars
Özümize türkmen diýýäs
Türkmen dile düşýän ýitdi
Gara saçyn ören gyzlar
Aşak bakyp ýörän gyzlar
Toý baýramda küren gyzlar
Bir ýuwaşjak gülýän ýitdi
Içim ýanyp ýazýan gosgy
Durmaz gözlermiň leşki
Görmedik bolsamda käşgi
Salam sylag hormat ýitdi
Dil goşuldy ýitdi diliň
Hany rehmiň türkmen ilim
Diniňizem ýiter biliň
Öňki ahun işan ýitdi