BaýramBejidow
15.04.2023 18:14
Bolýan bolsa.

Köp zat islemedim pany dünýeden,
Derdimiñ derdinden dumanly serim,
Uçmagy arzuwlan göwnümi güýmäp,
Maña symrug guşuñ ýelegni beriñ!.

Herne üzlen ýaly mähir damarym,
Gursagym gussaly, ýürek ýamaly,
Ykbalym süzenok ýagşy- ýamany,
Durmuşuñ süzgüçli elegni beriñ!.

Belki geçmişimde galsyn şo günler,
Eger gaýdyp gelse dörär düwünler,
Kanagatym synýar soñky döwürler,
Kalbyma sabyryñ çelegni beriñ!

Herkim bir-biregi duzlaşyp barýar,
Geljek ýalan bilen sazlaşyp barýar,
Uzakmy bu ýollar?, azaşyp barýan,
Ýapyşyp ýöräre kelebni beriñ!...

Awtory: Baýram Bejidow
17
100
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.