Ölümden soňky durmuş barada gyzykly faktlar.
Ölüm ýagdaýy resmi tassyklanandan soň, ýagny ýürek we dem alyş saklanandan soň hem adamyň beýnisi birnäçe wagt işlemegini dowam edýär. Diýmek adam janynyň üzülenligini duýýar. Şunuň bilen birlikde, özüniň bedeniniň daşky gurşawa täsirini ýitirenini hem duýýar. Ölen adam özüni jesediň içine gamalan, tussag edilen ýaly duýýar. Daş töweregindäki zatlary eşidýär, göz açyk bolsa görüp hem bilýär, ýöne olaryň hiç birine jogap berip we hereket edip bilmeýär.
1.Adam öleninden 3 günden soň çüýreme prosesine girişýär.
2.Norwegiýanyň Lonyir diýen şäherinde üýtgeşik adat bar, bu ýerde adamyň ölmegi gadagan edilen, eger şu ýerde ölse soňky ýola ugratmak dabarasy edilmeýär.
3.Aýtmaklarna görä Awraam Linkolini ölüminden soň 17 sapar gaýta we gaýta jynaza dabarasy geçirilipdir.
4.Fransiýada şeýle kanun bar eger aýal ýa erkek islese islendik ölen merhum bilen resmi durmuş gurup biler.
5.Madagaskarda adam gömülenden soň, garyndaşlary ene gabrdan çykaryp alýalar, sebäbi olarda şeýle däp bar, ,,Famadihon" diýip atlandyrylýar. Bu dabarada merhum bilen tans edýärler.
6.Alymlaryň tassyklamasyna görä semiz adam ölse bedeni sabyna öwrülip başlaýan eken.
7.Ölümden soň onuň gulagy iň soňky işden galýar, ýagny ol hemme sesi soňky pursada çenli eşidip durýar.
8.Adam ölenden soň kellesi 20 sekund işläp galýar.
9.Koreýada bir gudrata ynanýalar, kimdir garaňky otagda wentelýator işledip uklasa ölýän eken.
10-Aziýanyň günorta wegünbatar taraplarynda şeýle bir mumilanan adamlar bar olaryň häzir hem dyrnaklary we saçlary ösýär.
11.Alymlaryň barlagyna üns bersek diri gömülen adam halas edilmese 5-6 sagatda ölýär.
12.Adam ölse hem onuň beýnisindäki maglumatlar saklanyp galýar.
13-1907-nji ýylda doktor Dunkan Makdugalo adamyň ölümden öňki we soňky agramyny barlamak üçin tejribe geçirýär, belli bolşy ýaly adam ölensoň ýeňleýär.
14-Gaty köp halklarda ýakyn adamy ölenden soň onuň adyny agzamak gadagan edilýär.