Perishdejik
13.04.2023 20:40
Men özümi aýamadym hiç ýerde,
Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde
Aglamda geň galdy terkidünýäler,
Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde.

Söýemde şeýle bir ýürekden söýdüm,
Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men.
Adam söýsem, kimligine garaman
Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen.

Maňa bolsa «beýdip ýörme» diýdiler,
«Seniň bu bolşuňa diýerler tentek.
Sen entek ýaş ahyr, saňa gor gerek,
Seniň bar geljegiň öňüňde entek.»

Men özümi aýamadym hiç ýerde.
Gorum gutarar diýip etmedim müýni.
Kä söýenim üçin urdular meni,
Kä gazabym üçin söýdüler meni.

Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum,
Şer işiň tersinde goýdum men şeri.
Soň görüp otursam, gutarýar eken
Diňe berilmeýän zatlaryň gory.

Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriň
Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,
Bir gyzyl manat deý gizleýänleriň
Gutarýar ekeni ýürekde gory.

Men özümi aýamadym hiç ýerde,
Özümi bagş etdim özgeler üçin.
Dogry, käte azar berýär ýüregim,
Oňam başga zatdan bolmagy mümkin.

Gurbannazar Ezizow.
22
122
maral
13 Aprel 2023
Menem kate aglayasym gelip dur 👍🏻👍🏻👍🏻
Miss_Minnosh❤️
13 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.