Bir ýaş ýigit Hydyr Aleýhyssalamy görmek üçin köp arzuw edýänini beýan edip her kimden dileg itmegini islär. Haýyşt maňa dileg ediň ony göreýin diýip köp gaýtalar.
Bir gün ak sakgally ýüzi nurana birine duşar. Ony görüp elinden tutar maňa dileg et Hydyr Aleýhyssalamy göreýin diýer.
Ol ýaşuly ýigide seredip ýylgyrar.
Ýaşuly ýigitden:
Onda sen Hydyr Aleýhyssalamy görseň ony nädip tanarsyň? ... diýip sorar.
Ol ýigit bu barada pikirlenmändigine üns berer. "Bilemok, nädip tanap bilerin"... diýer.
Ol ýaşuly oňa: "Eger Hydyr Aleýhyssalamy görseň Hydyr Aleýhyssalam edil şular ýaly ýerden uly d:aşy alyp elleri bilen ony çäge ýaly eder" diýýär... we bir tarapdan ýaşuly uly d:aşy çäge ýaly owradýar.
Emma ýaş ýigit ol ýaşulyň eline sereder birem ýüzüne seredip bolýa ýaşuly üns bererin diýýär. Ýöne ony görüp bilmegim üçin sen hem dileg et diýýär.
Ýaşuly ýene sabr bilen ýylgyryp seret oglum Hydyr Aleýhyssalamy görseň ony diňe şeýle tanap bilersiň.
Hydyr Aleýhyssalam ýerden gaty bir d:aşy alar adaty ýagdaýdaky ynsanlaryň edip bilmejek zadyny eli bilen çäge ýaly eder.
Ol ýigit ýene d:aşyň owranyşyny görer bir ýaşula sereder bir eline sereder.
Bolýar ýaşuly sen dileg et men düşündüm diýer we gider.
Synlamak we görmek hersi aýry zatdyr.
Ýaş ýigit Hydyr Aleýhyssalam bilen garşylaşyp ony synlapdyr emma görüp bilmändir.