Ýazgydymy Alla ýazdy,
Ykbal meniñ garalamam,
Geçýän günler sebäp ýaly,
Bitmek üçin ýaralara.
Sabyr edýän boldugyndan,
Jylawyndan çekip nebsiñ,
Arzuwlam öçen umytlañ,
Biraz kinesini kemsin.
Täleýe diýjegimi diýdim,
Emma aýtjagmy aýtmadym,
Öñki özümi ýigrenýän,
Telbe tärinden gaýtmadyk.
Dymjak, dymanma düşünse,
Geplämde düşünen barmy?,
Geljek, ömür ýazgyt welin,
Biraz özüñe-de bagly.
Söýenişip, arkalaşyp,
Ýaşaly Allañ ýazanny,
Ykbal meniñ garalamam,
Çyzýan ýalñyşyp ýazanmy...
Awtory: Baýram Bejidow