arslan jumayew06
12.04.2023 08:59
Kitap okamagyň berýän birnäçe peýdalary:
1. Kitap okamaklyk ýürege ornaýan was-wasy, gaýgy-gamy, tu-
katlygy aýyrýar.
2. Her bir işde nähaklyk etmekden saklaýar.
3. Bikär, işýakmaz adamlardan çetde bolýarsyň.
4. Sakynyp-säginmekden saklap, sözleriňe çeperlik we şirinlik
çaýýar.
5. Akylyň ösýär, zehiniň joşýar, pikiriň durlanýar.
6. Bilime baý bolup, ýatkeşligiň we düşünjäň ýitileşýär.
7. Ynsanlaryň tejribelerini, hekimleriň hikmetlerini, alymlaryň
ylymlaryny özleşdirýärsiň.
8. Ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapýarsyň.
9. Imanyň zyýada bolýar, hususan-da, öz ynanç-ygtykadyňa
laýyk gelýän, dogry-düz ýola degişli kitaplary okamak peýdalydyr.
Çünki kitap iň beýik nesihatçy, haýry ündeýji (ündewçi) we ýaman-
lykdan gaýtaryjydyr.
10. Akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan, wagty bimany
geçirmekden (zaýalamakdan) saklaýar.
11. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pug-
ta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan
hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.
Janyň iýmiti iýmek we içmekde däl-de täze zatlary öwrenmekde
we manylara düşünmekdedir.
***
2
7
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.