arslan jumayew06
11.04.2023 08:34
MATEMATIKA DERSI
Ýokary okuw mekdepleriniň birinde talyplar matematika sapa-
gyna girip, giňiş auditoriýanyň içinde ýerli-ýerinde oturypdyrlar. Yzky
partada oturan we uzak gijeläp sapaklaryna taýýarlanan talyplaryň
biri özüni uka basmarladyp, irkilenini duýman galypdyr. Sapagyň
ahyrynda beýleki talyplaryň gowurdysyna oýananda, mugallymyň
tagtanyň ýüzüne ýazan iki sany meselesini howul-hara göçürip, des-
sine sapakdan çykypdyr.
Öýüne dolanyp geleninden soň, hälki iki meseläniň çözgü-
di dogrusynda pikirlenipdir. Olar şeýle bir çylşyrymly ekeni, ähli
güýç-gaýratyňy sarp edeniňde hem goşmaça maglumatlar, bilimler
bilen üstüni ýetirmeseň, hiç çözdürjek dälmişin. Ol gerek esbaplaryny
alypdyr-da, kitaphana tarap ýola düşüpdir. Dört günden soňra zordan
birinji meseläni çözmegi başarypdyr. Mugallymyň şeýle agyr öý işini
tabşyrmasyna hem hiç düşünip bilmändir.
Indiki matematika sapagynda hemme talyplar ýerli-ýerine geçip
oturypdyrlar. Ýaňky talyp mugallymyň ýanyna baryp, diňe birinji
meseläni çözendigini, ikinji meseläni çözmäge wagt tapmandygyny,
çünki bir meseläniň özi üçin dört gününi sarp edendigini aýdyp, ötünç
sorapdyr. Ýene az-owlak puryja berse, ikinji meseläni hem çözmäge
synanyşjakdygyny ýaňzydypdyr.
Mugallym bu sözlere geň galypdyr. Ol talyplara hiç hili öý
ýumşuny tabşyrmandygyny aýdypdyr. Tagtanyň ýüzüne ýazan
iki sany meselesi bolsa häzirki güne çenli ylmy çözgüdi tapylma-
dyk meseledigini, alymlaryň başarmadyk zadydygyny aýdypdyr.
Alymlaryň aglabasy bu meseläniň kyndygyny bilenlerinden soňra,
az-owlak dümtünme bilen kanagat edip, şondan aňry ätlemäge
synanyşyp hem görmän ekenler. Sebäbi olaryň aňynda onuň kyn-
dygy hakyndaky ynam mazaly berkän ekeni. Eger-de bu talyp hem
şol gürrüňleri öňünden eşiden bolsa, köpleriň aňyny eýelän düşünje
bilen kanagat ederdi we çözmäge-de synanyşmazdy. Ynsanda çäksiz
başarnyk bar, ýöne köplenç halatda dürli düşünjeler, pikirler bilen öz
ukyp-başarnyklaryna özleri serhet goýýarlar. Ummasyz ukyby bir çäkli meýdanyň içine sygdyrmaga çalyşýarlar. Eger-de sen islendik
bir meselä «kyndyr» öýtseň, ol kyn ýaly hem görner, eger «mümkin-
dir» öýtseň, hernäçe kyn hem bolsa, çözmegiň hötdesinden gelersiňiz.
Durmuşyňyzdaky «kyn» sözüni «mümkin» sözi bilen çalyşsaňyz, has
köp zatlary gazanarsyňyz..
11
115
ideallider
12 Aprel 2023
Aslynda bu bolanwaka. Ýöne Talybyň kimligi ýadyma düşenok👍
Ayjahan 04
11 Aprel 2023
Bizin algebra mugallymyzda gurrun beripdi shu wakany gowy gyzykly 🤗👍👍👍
arslan jumayew06
11 Aprel 2023
Mumkin 👍
YlhamG
11 Aprel 2023
Soň şol mugallym talybyň işlän mysalyny men işledim diýip öz adyny galdyrýar öýtýän, ýalňyşmasam🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.