Bereket07
11.04.2023 06:59
Süýji-süýji göwün ýüwürtmeler, arzuwlar şeýle bir kän, emma
olaryň aglaba bölegi ýazylmadyk we hiç wagt ýazylmaýan taryhyň
arhiwine siňip galýar. Heý-de siz «Arzuwlaryň senenamasy» ýa-da
«Arzuwlaryň taryhy», «Arzuwlaryň ömri» atly eseri okap gördüňizmi?
Beýle eseri tapmarsyňyz, çünki iş ýüzünde amal edilmedik, hasyl
edilmedik zatlar hakda agyz dolduryp söhbet edilmeýär. Maksadyň
beýikligine, arzuwyň süýjüligine, berjaý edilişiniň kämilligine görä, ol
işleriň, eserleriň gadyr-gymmaty artyp gidýär. Süýji arzuwlaryň joşguny
bütin süňňümizi gurşap, oňa ylham berip duran wagty, uzak-uzak men-
zilleri, ajaýyp geljegi göz öňüne getirýän maha
lymyz, keýpimiziň çag
çagynda hemme zat aňsat ýaly görünýär. Arzuwly ýollary külterlemek
hem arka agram salmaýan kysmy. Ýöne az salymdan yhlasymyza
sowuklyk aralaşyp, Arktikanyň ak hem bolsa, agyr buzlarynyň arasyn-
da gysylyp galan gämi deýin öňe ilerlemäge ne mejal, ne gaýrat, ne
höwes tapýarys. Sebäbi azrak emgensek, ahyr soňunda gönendirjek şol
arzuwlarymyza başlamakdan, girişmekden çekinýäris.
Haýsydyr bir täze işe girişmekçi bolanyňda onuň iň kyn nokady
– başyna barmak, başlamak, işe girişmek pursady. Şonuň üçinem
häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri bu hakda söz açanda, başlamak
müşgilliginiň syry hakda dil ýaryp: «Her gezek şeýle ýagdaý bilen
ýüzbe-ýüz bolanymda, täze bir işiň gyrasyndan girenimde ýa-da
11
täze bir kitap ýazmaga girişenimde has artykmaç güýç sarp edýärin.



4
134
Bereket07
29 Aprel 2023
Myhman, howwa gowy kitap
Myhman
19 Aprel 2023
Rahmet Gylyjow. Hallalyk kyssalary. Başlamak hemişe kyn. Gaty gowy kitap
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.