Dusia
10.04.2023 23:21
Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna, Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz:
-Men seni söýýän.
Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.
Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň, öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz:
-Men seni söýýän.
Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi.
Duýdurman öňüňden çykaryn birden,
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.
Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyny öňünden duýýan,
Eger-de söýmeseň, söýmeseň söýme.
Meniňki şol bir söz:
-Men seni söýýän.

Halyl Kulyýew
26
244
Dusia
22 Aprel 2023
Myrataly, men nirden bileyin 🤷🏻‍♀️
Myrataly
20 Aprel 2023
dusia_maksatmyradowna, Dislike sebabi name
Dusia
19 Aprel 2023
Myrataly, düşünmedim, näme näme üçin?
Myrataly
19 Aprel 2023
dusia_maksatmyradowna, näme ucin
Dusia
19 Aprel 2023
Myrataly, hawa?!
Myrataly
17 Aprel 2023
dusia_maksatmyradowna,
Dusia
16 Aprel 2023
shammy_shamyrat, Salam!
shammy_shamyrat
15 Aprel 2023
dusia_maksatmyradowna,salam👋🏻
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
15 Aprel 2023
dusia_maksatmyradowna, Halyl Kulyýewiň gowy goşgylary bar 👍👍
Dusia
15 Aprel 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, paýlaşypsyň diýjek boldy!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.