Ýene aljyraňňy çykypdym ýola,
Ädimleň tizligi dartyp etegim.
Gyýa gözden garap saga hem sola,
Bilmändirnem seň yzyňdan ýetenim.
Tötänlik diýsegem dogry b:or weli...
Bu meniň her säher beslän hyýalym,
Men ýene bu günem, hökman görmeli,
Ylham çeşmäm bolan mährem jemalyň.
Şo bir köçäň ugry bilen gatnaşyp,
Soramadyň hal ýagdaýdan ötesin.
Bu gün bolsa didelerimiz çaknyşyp,
Geldi gözlem ýumup saçlaň öpesim.
Arzuwly dünýäme çümüp birsellem,
Doňyp galdym seň alnyňa dikilip.
Bir zatlara diýdiň galgadyp elleň,
Soňam ýol beripdiň gyra çekilip.
A men bolsa towy öçen gurjakdeý,
Doňup durun undup zemin asmany,
Ýürek kapasadan çykyp durjak deý,
Bu gezek isläpdi bagra basmany.
Geň görmediň hernä, belki-de gördüň,
Duýguma erk edip bilmänligimi..
Aslynda özüme söz berip ýördüm,
Ýaňzydaýyn diýip söýýänligimi...
Bir enaýy ýylgyrdyňda ýörediň.
Şol bir hemişeki ugruňa sary.
Her gezek azajyk ylham döredip,
Söýgä gönükdirýär duýgulaň bary..
Gül_Rejepowa