Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynda aradan çykdy.
Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi: «Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.
Ogulabat Berdimuhamedowa Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär. Ol maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilýän, ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän, öz halkynyň milli ýol-ýörelgesine wepalylygy buýsanç tuguna öwren, parasatly zenandyr.
Alty çaganyň enesi Ogulabat eje perzentleriniň iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemlemegi, watansöýüji, hemme taraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin kän tagalla etdi.
Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir.
Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri we milli sungaty söýmegiň, goramagyň hem-de dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.
Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!».