Ýok
Ýok men Tahyram däl, Perhat, Mejnun däl,
Wada-da beremok dagy gazmagy,
Ýok men şahyram däl, soñky wagtlar,
Endige öwürdim ýazyp, çyzmagy.
Täleýem ýakmady, ýylatdy biraz,
Gyşam üşetmedi añzaklarynda,
Şükür!, Ýaşaýyşyñ girdim çetinden,
Tikenin çöpleýän, ýannaklaryndan.
Ýok-ýok, gussalaram bahana maña,
Wysaly ýok arzuwlarda ýüzemok,
Dogrylygy öwredip dur ýalñyşlyk,
Garynjañam ölümine dözemok.
Ýok men aglamogam ejizler ýaly,
Bolmasa sebäp köp ejizlär ýaly,
Gözümiñ ýaşyny gizlär gabaklam,
Jebre endik ýürek, ejiz däl ýaly.
Umyt düwlen düwünçegem ýok mende,
Arpa deý göwnüme tapmadym sarpa,
Men seni gözlemen, senem tapmarsyñ,
Indi ýok men!, Nirelerdediñ barkam?.
Ýok mende ynamam kemterläp barýar,
Gynanamok, gynalamok asyl-ha,
Ýerden aýagymy üzmejek bolup,
Durmuşymyñ durmuşyndan asyljak.
Ýok mende ykbalam, täleýimem ýok,
Bir sere mañlaýym hupbatdan doly,
Duýgylam gursakda mekan tutanok,
Arkama syganlar ýepbeklän ýaly...
Awtory: Baýram Bejidow