Carygulyuew Dowran...
18.03.2020 15:30
Ene dilim

Hallaryň neneňsi,
Taplaryň niçik
Eziz ene dilim, mähriban dilim?
Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Ýüz müň öwüşginden örülen desse
Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
Ak säheriň nury ýaly arassa —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
Babalardan miras galan ýalňyzym —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Halaldan halal süýt emeniň dili,
Eý, ynsabyň dili, ynamyň dili.
Uzalmasyn saňa ýamanyň dili,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Daňyň çygy, säherleriň süýdi sen,
Sallançakda meýmireden hüwdi sen.
Doň kalby eredip bilýän jady sen,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Iň agyr günlerde batamda oýa,
Öz dilimde nalyş etdim Hudaýa.
Seni zaýalasak — özümiz zaýa,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Söýýän, söýýän diýip dilime alman,
Harlansaň — aglaýan, gülleseň — gülýän.
Ýaşaweri hernä, saralman, solman,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Berdinazar Hudaýnazarow
3
1 214
Carygulyuew Dowran...
18 Mart 2020
X vok adam yok suna yone menem duyn telefony obnowit etdim welin owrenmeli yitipdir onki akawunt bn girip bolmady hem vpn acylyada instgrama girenok
Bts
18 Mart 2020
Hm sag bolun inst un haysy vpn ulanyanyz mendaki vpn ishlanok shon ucinem insta girip blmk
Carygulyuew Dowran...
18 Mart 2020
Dowran Carygulyyew diyip durandyr
Bts
18 Mart 2020
Dowran mugallym siz instagrama name dp giryaniz
Bagtym bol sen
18 Mart 2020
way dayy türkçe haysy diyenime dushunmediñ terjimesini aydayryn ?
Carygulyuew Dowran...
18 Mart 2020
Yok yok yegen beytmaweri hemme zady aydarys biza sen yaly turkce yazamzok turkmence yazyas baryny
Carygulyuew Dowran...
18 Mart 2020
Ay yegen yas bolyanda oynamaga oglan yagsy huday ursun garryny diyyaler welin menem aldajak bolyalara bolmasa menem ahmal dal welin
BBaharjyk❣
18 Mart 2020
Yok Kumus gep edemzok instagramda imoda sorayan zatlar barada gurlesyas. Ejene aytma gy gorkyan sen ejenden. ?
Bagtym bol sen
18 Mart 2020
mensiz name gep etyaniz gyw dayy Bahar bn

meni goşonzogamla.Ejem aytjaga sizi???
BBaharjyk❣
18 Mart 2020
Howwalay. Bir sapar bir oglan sey diyya. Men solar yaly nomerini Ber gurlesayeli zat diyyan oglanlary halamok diyip mana nomerini ber su zatlar barada gurleseli diyya. ?. Son gorsem so sozler yazylgy kartinka bar eken. Herhili adam barow.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.