BaýramBejidow
06.04.2023 23:31
Döwlen ynamyma umydy garyp,
Duýgymdan ýasajak kiçijek ga:lyp,
Günäsiz arzuwlañ ganynyna galyp,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Kem ýerim kän, kemli göwni göterip,
Ýakjak ony közli oda iterip,
Tapyp şu bolşumdan has-da beterin,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Ýugrumy ýetmedik hamyra meñzäk,
Gezdim-ä şu çaka kineli eñräp,
Täleýiñ taýagyn iki ýan deñläp,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Ýagdaýyñ pes bolsa gidýär ýakynyñ,
Ne-hä peýdasy bar, ne-de dahyly,
Çykýan bolsa gözi çyksyn bahylyñ,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Göz üçin ýaşaman, söz üçin ölmen,
Geljegim ne halda ony-da bilmen,
Aýtýanlam rastdyr, çynym dost gülme!,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Dolduryp gursagmyñ boşaşan ýerni,
Çekmeli bor başa getirenlerni,
Gazananma goşup ýitirenlermi,
Ykbalymy deñdir (=) noldan başlajak...

Awtory: Baýram Bejidow
13
92
BaýramBejidow
7 Aprel 2023
guldesse, kim bilen?
okayjy
7 Aprel 2023
Göz üçin ýaşaman, söz üçin ölmen...👏👍
Madmazella
6 Aprel 2023
Esasy zat şol hemmesini noldan başlap bilseň ýeňersiň👍
Güljagaz♡♡♡
6 Aprel 2023
Like.....👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.