jemal_seyitniyazowa
05.04.2023 12:59
Garaňky gijä yş gerek,
Ýagty, ýyly közüň bolsun,
Ogul ýüregi gyş gerek?
Güller açjak ýazyň bolsun,
Şonuň üçin gyzyň bolsun!

Görmersiň galp agysyny,
Gorar abraý, namysyňy,
Senden alyp barysyny,
Häsýet bilen özüň bolsun,
Şonuň üçin gyzyň bolsun!

Hoşal bolarsyň ykbala,
Gitmesi ýokdur ykmana,
Gapyňdan geljek myhmana,
Saçagyňda duzuň bolsun,
Şonuň üçin gyzyň bolsun!

Sözüňe baş egip uýýar,
Gyz kalby bar zady duýýar,
Bezeg berýän uly derýa -
Kölde guba - gazyň bolsun,
Şonuň üçin gyzyň bolsun!

Bagtly günňe şärikdir ol,
Kyn günüňde ägirtdir ol,
Ene - Ata şägirtdir ol,
Geljegiňe yzyň bolsun,
Şonuň üçin gyzyň bolsun!
29
136
melek06
5 Aprel 2023
✨👍🏻.....
Güljagaz♡♡♡
5 Aprel 2023
👍👍👍......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.