NASA 2024-nji ýylda Aýa uçjak kosmonawtlary görkezdi.
Aerokosmos agentligi 50 ýyldan bäri Aýa ilkinji adam uçuşyny ýerine ýetirjek Artemis 2 missiýasyna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Netijede, indiki ýyl güýzde taryhy uçuşy ýerine ýetirjek kosmonawtlar belli boldy.
“Orion”-yň ekipažy dört adamdan ybarat bolar: Wiktor Glower (“Crew Dragon” kosmos gämisinde uçuş tejribesi bar), Jeremi Hansen, Rid Wiseman (synag uçarmanlary) we Kristina Hammok Koç (ol aýallaryň arasynda kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda rekord goýdy). Kanadanyň kosmos gullugynyň adyndan uçjak Hansenden beýleki kosmonawtlaryň hemmesi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik edýär.
Ýeriň emeli hemrasyna öňki uçuş 1972-nji ýylda, “Apollon 17” missiýasynyň çäginde bolup geçipdi. Şeýle-de bolsa, bu gezek kosmonawtlar Aýyň ýüzüne gonmazlar - muny 2025-nji ýyla meýilleşdirilen Artemis 3 missiýasyna gatnaşyjylar amala aşyrarlar. NASA muňa hem öňünden taýynlyk görýär: Aýda 4G aragatnaşygyny ýerleşdirýärler we ýörite kosmos enjamlaryny döredýär.