BaýramBejidow
04.04.2023 09:36
Asman, zemin, bulut, jeññel, tokaýlyk,
Görä dünýäñ ýüzi bulam-bujarlyk,
Bu bolýan zatlara ,,kada" diýeñde,
Sebäbin tapmadym ýüze tutarlyk.

Iñ bärkisi, seret!, Kiçijek kine,
Gysýan eken bogazyñy dem bermän,
,,Bagt" hakda aýdym aýtýar özgeler,
A men bolsa öz ugryma hiñlenýän.

Ýelli şar deý gussa doly ýüregme,
Gül diýenmiñ tikenleri çümüp dur,
Şum täleýim aşyk oýnaýan ýaly,
Kenegini mañlaýymdan sülüp dur.

Men hiç welin, haýpym gelýär köplere,
Ynamy top edip depişip ýörler,
Günäñ köp bölegni döwüre ýelmäp,
Boş-boş pikirlere ýapyşyp ýörler,
Bir sözlük duýgyny, müñ sözde jemläp,
Bimany pelsepe tapyşyp ýörler,
Hoş sözi berýäler peýdasyn demläp,
Soñ seni görseler gaçyşyp ýörler,
Dosty duşman ýerne satyşyp ýörler,
Sesi gatylaryñ pikrini diñläp,
Gapyşyp ýörler, çatyşyp ýörler...
Ah!, Gözli körler! Oýanyñ biraz,
Iñ bolmanda razy bolsun bu durmuş-,
-Bizden bir, nägile köpler,
Şol sanda menem, dymaýyn ýene,
Oñaýyn ýene, ,,ýazgyt" diýeýin ýatan ýerimden,
Belki oýanaryn, dañymyñ atan ýerinden,
Men kakasy bolsam ýazan setirmiñ,
Sen ejesi ýaly sypalap oka,
Gidirme uka, gitmesin ba:ka,
Dünýän gowylygna ynamyñ barka,
Üns berme dost, illeñ gepine,
Õlmänkäñ hiç bir zat barmaz petige,
Öñem ýetigä, çekýän çepiñe,
Durma ýöräber...

Awtory: Baýram Bejidow
18
96
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.