Mundan 50 ýyl öň, 1973-nji ýylyň 3-nji aprelinde ilkinji gezek ykjam telefondan jaň edildi. Bu gün Motorola kompaniýasynyň inženery Martin Kuper Nýu-Ýorkda 6-nji Awenýunyň burçunda durup, ullakan enjamdan belgini aýlady we gulagyna tutdy.
Daş-töwereginden geçip barýan adamlaryň gaň galyjy bakyşlarynyň astynda ol Motorolanyň garşydaş kompaniýasy bolan Bell Laboratoriesda işleýän kärdeşi Joel Engela jaň edip, özüniň şahsy ykjam telefonyndan jaň edýändigini buşlady. "Meniň pikirimçe, ol dişini gysypdy" diýip, 94 ýaşly Kuper ýatlaýar.
Ykjam telefony döretmek pikiri ilki 1946-njy ýylda Bell Laboratories-yň işgärlerinde döräpdi. Bu kompaniýa ilkinji bolup awtoulaglar üçin radiotelefon döredipdi. Emma birinji gezek jübi telefonyny döretmek Motorola başartdy.
Martin Kuperiň jaň eden ilkinji ykjam telefony bolan "DynaTAC"-yň agramy 1,15kg, ölçegleri 22,5×12,5×3,75 sm-dy we 2 müňden gowrak şaýdan düzülendi. Akkomulýatoryň zarýady 20 minut gürleşmäge ýetýärdi. Emma bu kompaniýa ykjam telefonlary satuwa 10 ýyldan soňra (lisenziýa almak we satuwy ýola goýmak wagt talap edýärdi) çykardy.