+ Girdimi?
- Howwa.
+ Agyrtýamy?
- Uff,hem-de erbet.
+ Çykarda onda başga köwüş göreli.
🔺🔻🔺🔻🔺🔻🔺🔻🔺🔻
Gyz: Iň uly arzuwyň näme?
Oglan: Realyň 11 futbolçusy bilen birlikde futbol oýnamak.
Gyz: Biraz romantik bolsan-a!
Oglan: Sazy pessaý açyp,deňiz kenarynda ýöremek.
Gyz: Waý meň bilenmi?
Oglan: Ýok how.Realyň 11 futbolçusy bilen.😆
🔺🔻🔺🔻🔺🔻🔺🔻🔺🔻
Türkmen,Rus,Gazak otluda gidip barýarmyş.Bularyň içi gysyp kart oýnalyň diýişýäler oýnamaga kartlaram ýok welin.Gazak bir bölek çörek kesip goýup "karol" diýýär.Rusam alýada üstüne mesge çalyp "tuz" diýýär.Gezek Türkmene gelende " aý men-ä göterdim" diýen bolýamyş.
🔺🔻🔺🔻🔺🔻🔺🔻🔺🔻
Nätanyş nomerden jaň gelýär:
-Salam.Halaşýan oglanyň barmy?
+Howwa,kim bu?
-Kakaň.Öýe gel entek sen,gürleşeris.
...Az wagtdan soň ýene nätanyş nomerden jaň gelýär:
-Salam,halaşýanyň barmy?
+Ýok.A kim bu?
-Söýüşen oglanyň.Diýmek maňa söýgülim diýmekden çekinýäňdä hää?
+Ýok janym bagyşla.Ýaňy kakam samsyklygy bilen şeýleräk sorady.
-Şeýlemii?!Ýene men kakaň.Samsyklyk diýýämiň,öýe gel entek sen aramyzdaky gürrüň uzaga çekjege meňzeýä...