BaýramBejidow
03.04.2023 00:33
Ejejan sen meni ezizlesene,
Ykbal meni gysýar, ähli tarapdan,
Dertlerime em tapmaly bolmaýyn,
Köpler ýaly, çilim, şerap-arakdan.

Ejejan sen meni ezizlesene,
,,Dost" diýenler syrym bilip satmasyn,
Bolmasa duýgulam teselli tapman,
Ýykyp barýar ,,kalp" atly çatmasyn.

Egri ýollañ dogrysyny gözlämde,
Göwünlik ber, ruhyma tekgelik,
Bolmasa bu durmuş ýadadyp barýar,
Sebäbim az ýaşamagma dikgerip.

Mähir gözläp ähli ýana urundym,
Seniñ ýaly mähir berýän ýok eje,
Idegsiz kalplary kelep basyp dur,
Ynan ýöne ýerden eñrämok eje!.

Ejejan sen meni ezizlesene,
Çigin düşen duýgylarmy çözeýin,
Umyt bilen ynam edip geljege,
Barlygyñy bagtym saýyp gezeýin...

Awtory: Baýram Bejidow
14
99
leýtim
3 Aprel 2023
Дурмушын коп кынчылыгына ежелер халас едип беряр маслахаты билен
Dusia
3 Aprel 2023
Allajan owadan ýüregiňe görä ezizlejek birini duşursun! 🙂❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.