❤GÜLHANYYM❤
01.04.2023 17:04
Gerek däl!

Gerek däl.Ötägit.Özüñ aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meñ duýgulam barmaz seniñ aklyña,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriñ.

"O dünýäde hökman duşarys!"diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde,
Saña duşanymdan soñky bar günä.

Ynsap,behişt hakda gürrüñ otardyñ,
Göz aýlap gördüñmi ylahy ylma?
Gitdiñ.
Men mañlaýmy tutdum oturdym,
Şol ýerdebir mañlaýyma ýazylma.

Ýogsa How enäniñ edenin edip,
Ýene meni düşürersiñ şu ýere.
Menem Adam ýaly,ugruña gidip,
Haýyrly pikirlem çalşarym şere.

Şonuñ üçin duşma dagy-duwara,
Sen bar bolsañ jennet maña haramdyr.
Derdim hakda gürlärin men suwara,
Her setirim ruhumdaky ýaramdyr.

Ýaşa,ýaýna,adamlardan ýaşynma,
Ýaşa dünýäñ gowuz ýerin doldurup.
Hyrydarlañ kän bolsa-da daşyñda,
Menem seni gazanmadym ýol urup.

Eýýup ruhum sabyr eder bar günlem,
Men özümi hiç beladan goramok.
Söýýänimi subut etmändim,indem
Ýigrenýänim üçin ötünç soramok.

16
124
tolkun
2 Aprel 2023
👍Söýýänimi subut etmändim, indem, Ýigrenýänim üçin ötünç soramok.
jemal_seyitniyazowa
1 Aprel 2023
Gaty arkaýyn ýazypdyrla
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.