bayramgeldi_tachmyradov
30.03.2023 21:30
bu gün gama batyp otyryn ine
ýüregme çümdirip gülüň tikenni
meni neçun beýle synaýaň dünýe
söýenimiň söýeni bar ekeni

ilki başda oýun edip gülüpdi
şonda bu ýüregim bir zat duýupdy
başdan maňa söýgülim ýok diýipdi
söýenimiň  söýeni bar ekeni

ejejan aýdypdym size söýenmi
diňlemedim şonda seniň diýenňi
inni bilýän onuň ähli ýalanny
söýenimiň söýeni bar ekeni

meniň iki barmak gara maňlaýym
ýazylypdyr oňa şeýle täleýim
dost ýarlarym aýdyň indi neýläýin
söýenimiň söýeni bar ekeni

beýik Allam senden ýeke dilegim
bagty bolsun ýüregimi alanyň
meňki bolmasada bagtly göreýin
söýenimiň söýeni bar ekeni
19
68
idealis kiz
1 May 2023
Tuweleme. Mlds 👏
bayramgeldi_tachmyradov
30 Aprel 2023
ýagny özüm
bayramgeldi_tachmyradov
30 Aprel 2023
baýramgeldi täçmyradow
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.