Dowran Carygulyyew...
17.03.2020 20:29
Ýaşlyk humary

Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Duýgulardan öňe salmasaň akly,
Näme isleseň — şoňa-da hakly,
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany,
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny.
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Nähili bezärdi gözellermizi,
Al şapagyň nury siňen gyrmyzy.
Bilmändiris beýle bagtlydygmyzy,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Garypdyk özümiz, gurpludy göwün,
Çyn zatlar bilen-de ederdik oýun.
Eý ykbal!
Saňa-da bolmandyk boýun,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Berdinazar Hudaýnazarow
5
856
BBaharjyk❣
18 Mart 2020
Zyyany yok dayy. Karoci turkmen dilini bilmeyan dine men dal ekenim. Begenm. ??
Wepa Gurbangeldiyew
18 Mart 2020
????✌️
gulshatayewa97
18 Mart 2020
Hehe ????
Bts
17 Mart 2020
Humara adamyn ady bolaymasa mena bashgasyny bilemok
Dowran Carygulyyew...
17 Mart 2020
Haha yo yegen sozim yok gowy sesli manyly aydymlary aydyan bagsylarmyz bar yone sozine sazyna uns berman aydyalar welin halamok hakykyda balam diyip ilki bagsylardan cykdy so soz

Wi ya bagsada sahyr duzyandirow gosgyny . Wah yegen bagysla senem sungat adamsydygyn yadymdan cykypdyr
Myhman Myhman
17 Mart 2020
Onda Humara asyk manyda ya kelle aylanya manyda
BBaharjyk❣
17 Mart 2020
Dayy bagsylarymyzy yere sokdunyz gowylaram bara bey diymanda
Dowran Carygulyyew...
17 Mart 2020
Howa bilyan ylalasyan on bn yone yany esasy aydymdaky soz barada gitdi myhman
Dowran Carygulyyew...
17 Mart 2020
Yo ony bildik sag bol myhman humary bildik yone yzyna ,,a,, gosulya diyya aydymda men dogursy dinlap goremok humara diyip keype cagyryan bolmagy mumkin bilemok
Myhman Myhman
17 Mart 2020
Yaslygyn keypi basymyzdaka ?seret
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.