Düwün ýazuwy.
Ýazuw diýip biz iki ölçegli şekiller, ýagny harplar bilen beýan edilýän sistema düşünýäris. Emma ýazuw düzgüni düýbünden başgaça görnüşlerde hem döredilen bolup biler, onda-da biziň häzirki ösen asyrymyzda däl, eýsem gadym döwürlerde. Meselem, gadymy inkleriň ýa-da olaryň ata-babalarynyň döreden düwün ýazuw düzgüni - Kipu (basym i harpynda).
Iň gadymy kipular hökmünde VIII-X asyrlarynda döredilen görnüşler hasaplanylýardy. Emma soňra ýaşy 5 müň ýyldyr diýlip çaklanylýan kipunyň tapylmagy Andlaryň gadymy ýaşaýjylarynyň bu ýazuw usulyny adamzat taryhyndaky iň gadymy ýazuw sistemalarynyň hataryna goşdy.
Şeýlelikde, kipu näme? Ýönekeý dilde aýdylanda kipu pagtadan, lamanyň ýa-da alpakanyň ýüňünden ýasalan ýüpe edil şol materiallardan edilen beýleki ýüpleriň perpendikulýar daňylmagy esasynda döredilipdir. Ýüplerde düwünler edilipdir, daşjagazlar, gabyklar we beýleki ownuk zatlar hem daňylypdyr.
Bu usullar bilen inklar her dürli maglumatlary: hatlary, buhalteriýa hasaplaryny, salgytlar baradaky maglumatlary, kanunlary, astronomik hasaplamalary, dini tekstleri we beýlekileri "ýazyp" bilipdirler. Nämäni we nädip ýazandyklaryny biz doly bilemizok, sebäbi tapylan kipularyň köpüsi doly däl we barlaryny-da doly okamak başardanok: köp kipular XIV asyrda ispan kolonizatorlary tarapyndan ýok edilipdir, okalyş we dörediliş usuly bolsa biziň günlerimize çenli gelip ýetmändir.
Ýöne hatda inkleriň siwilizasiýanyň iň ösen döwründe hem kipuny az sanly saýlanan adamlardan - kipukamaýokilerden (bu adamlar kipuny ýalňyş okasalar öldürilip hem bilnipdir) başga hiç kim bu "elipbiýe" düşünmändir.
Kipuda maglumatlary aňlatmak üçin "açarlar" - agajyň bölejikleri, daşlar, minerallar, metallar, ösümlikler ulanylypdyr. Şeýle-de ýüpleriň reňki (bize 24 sany reňki mälim), reňkleriň yzygiderliligi, ýüpleriň uzynlygy, düwünleriň nirede, nähili görnüşde ýerleşýändigi hem many aňladypdyr. Hatda kipuny döretmegiň düzgünleri baradaky iň gysga düşündiriş hem suratdaky kipuda aňladylan zatlardan uzyn bolup biler. Suratda Maçu-Pikçu Muzeýinde (Kusko ş., Peru) saklanylýan nusga.