Dowran Carygulyyew...
17.03.2020 20:22
Gyzlaryñ

Dagyň gary gardan-gara ulaşar,
Gijeler ýatyrmaz näzi gyzlaryň;
Birisi nuh edip, äre ýetişse,
Ol gün ýasaw tapar bary gyzlaryň.

Gül tikensiz bolmaz,daglar gaýasyz,
Ýüpüň hiç reňk almaz zäksiz,boýagsyz,
Sen bir eýjejik zat,galdyň eýesiz,
Düwme-düwme bolar nary gyzlaryň.

Baýyň gyzy şagalaňda şaýlanar,
Şaýlanybam beýleräge saýlanar,
Pukara ýigitler neneň öýlener,
Näzin artdyr keli, köri gyzlaryň.

Baýyň gyzy sürter haram teňňesin,
Birin alsaň, alyp bolmaz öňňesin,
Dost tutunsaň ýagşy gyzyň ýeňňesin,
Ýeňňesinde ygtyýary gyzlaryň.

Çöle çykarsyňyz goýun guzlanda,
Gülýakaň ýalkym atýar bäri gözläňde,
Janym alyp barýar şirin sözlände,
Düwme-düwme bolar nary gyzlaryň.

Pasly-bahar bolsa, açylsa läle,
Bilbil huruç edip, geler hyýala,
Ýuka köýnek geýip, ýörse şemala,
Düwme-düwme bolar nary gyzlaryň.

Kemine
5
331
Aycicek
17 Mart 2020
Diyseň gowy?
Dowran Carygulyyew...
17 Mart 2020
Sag bol yegen
Myhman Myhman
17 Mart 2020
gowja gosgy
BBaharjyk❣
17 Mart 2020
Dayy bet gosgy yazypsyn. ♥️♥️♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.