Söýýän tapylmaz
Görk-görmegňe aşyk kändir jahanda,
Ýöne meniň kimin söýýän tapylmaz.
“Ugruňda men ölsem” diýer, haçanda
ölmeli bolanda, ölýän tapylmaz.
Aklym alyp, telbe edipdiň tas meni,
Gara saçlaň halka eýläp, as meni,
Säherler oýanyp, bagra bas meni,
Günortan göreniň öýlän tapylmaz.
Meger men deý yşga düşen bende ýok,
Ýalan-ýaşryk näzirgemek sende ýok,
Şelaýyn söz, boş wadalar mende ýok,
Men deý dogrujasyn söýlän tapylmaz.
Yşk bir şöhle, her kim gözün gapdyrar,
Yşk bir derýa, müň Tahyry akdyrar.
Oduňda tutaşyp, ýanan tapdyrar,
Men deý kebap bolup, köýýän tapylmaz.
Kim ýeter myrada jigerin ýakman?!
Aşyga, elbetde, örtenmek hökman.
Waspyňa söz gözläp, gijeler ýatman,
Gara gözüne ganlar öýýän tapylmaz.
Dünýä bir ýalançy, boş söze ökde…
Gaç onuň ýanyndan göterip ökje,
Aýdýan kändir ýok sözler ýürekde,
Ýöne çyny bilen öwýän tapylmaz.
Adam dünýä gelýär ondan ötmäge,
Gara gözleň çuňlugynda ýitmäge,
Soňky ýola ugranymda örtmäge
Don tapylar, sary öýmäň tapylmaz.